Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

  • 05.02.2026 23:01
  • 2k+

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, şeýle hem göni wideoaragatnaşyk arkaly FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekili Wiorel Gusu çykyş etdi.
Gatnaşyjylara Türkmenistanyň FAO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, gazanylan netijeler hem-de mundan beýläkki özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary barada maglumat berildi.
FAO-nyň Baş direktory Sýuý Dunýuýuň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran resmi saparyna aýratyn üns berildi, bu sapar hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini tassyklady.
Şeýle hem FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak üçin hukuk esasyny döreden Kabul ediji ýurt hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýeti bellenilip geçildi.
Hyzmatdaşlygyň 2021–2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň tamamlanandygy we 2026–2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň üstünde işleriň başlanandygy barada habar berildi. Brifingiň ahyrynda sorag-jogap sessiýasy geçirildi.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......