Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

  • 06.02.2026 11:56
  • 3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli General-gubernator hanym Sindi Kiro we ýurduň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady.
Gutlag hatynda Döwlet Baştutany hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly Täze Zelandiýanyň halkyna parahatçylyk, öňegidişlik hem-de mundan beýläk-de rowaçlanmagy baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Waýtangi güni Täze Zelandiýanyň iň ähmiýetli milli baýramy bolup, ol 1840-njy ýylda maori taýpalarynyň serdarlary bilen Beýik Britaniýanyň wekilleriniň arasynda taryhy şertnamanyň baglaşylmagyny alamatlandyrýar. Bu senenama ýurduň döwletliliginiň binýady we häzirkizaman Täze Zelandiýanyň emele gelmeginiň başlangyjy hökmünde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....