«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany çykdy

  • 05.02.2026 12:44
  • 920

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ilkinji sany okyjylara gowuşdy. Neşir «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji aýynyň wakalaryny beýan edýär.
Žurnalyň täze sanynda esasy üns atçylyk sungatyna gönükdirildi. «Dünýä ykrarydyr türkmen bedewi!» atly makalada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna abraýly şahadatnamalaryň gowşurylyşy barada söhbet edilýär. Şeýle hem sanda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy we Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan makala ýerleşdirildi.
Ykdysadyýet bölümi wirtual aktiwleriň ornaşdyrylmagy we täze banknotlaryň çykarylmagy baradaky tekstler bilen tanyşdyrýar. Halkara hyzmatdaşlygy ulgamynda bolsa döwlet edaralarynyň ÝUNESKO bilen gatnaşyklary barada makala çap edildi.
Medeniýet bölüminde heýkeltaraş Saragt Babaýewiň we Türkmenistanyň halk ýazyjysy Amangözel Şagulyýewanyň döredijiliginiň seljermesi, şeýle hem milli küýzegärlik mekdebiniň ösüşi baradaky makalalar bar.
Žurnalyň jemleýji bölegi dürli tagamlaryň taýýarlanyş usullaryny, täleýnamany, «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň netijelerini hem-de elektron žurnalyň redaksiýasy tarapyndan ýaşlaryň arasynda yglan edilen täze döredijilik bäsleşiginiň bildirişini öz içine alýar.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......