Ronaldu "Al-Nasr" üçin meýdança çykmakdan ýüz dönderýär. Onuň Aşgabada gelmegi sorag astynda

  • 02.02.2026 12:22
  • 21k+

Kriştianu Ronaldu ýene-de üns merkezine düşdi. Ýöne bu gezek gollary bilen däl-de, dörän gapma-garşylyklar sebäpli düşdi. Portugaliýanyň «A Bola» neşiriniň habar bermegine görä, ýyldyz hüjümçi «Al-Nasryň» «Er-Riýad» toparyna garşy geçirjek nobatdaky duşuşygyna gatnaşmazlygy mümkin.

Žurnalistleriň ýazmagyna görä, Ronaldu klubuň dolandyrylyşyndan närazy. Ol möwsümiň iň möhüm tapgyrynyň öňüsyrasynda toparyň düzüminiň güýçlendirilmezligine we transfer işjeňliginiň pesligine garşy çykýar.
«Al-Nasr» kluby Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasy (PIF) tarapyndan dolandyrylýar. Çeşmäniň maglumatyna görä, Krişiň esasy soraglary hut şu gaznanyň alyp barýan strategiýasy bilen bagly. Transfer bazarynda işjeňlik görkezýän we çempionatda ynamly öňde barýan «Al-Hilýal» topary bilen deňeşdireniňde, «Al-Nasryň» häzirki ýagdaýy pes görünýär.
"Al-Nasr" hakykatdan hem düzümi babatda gowşakmyka? Häzirki wagtda klubda Kingsli Koman, Žoau Feliks, Sadio Mane, Marselo Brozowiç we Inigo Martines ýaly dünýä derejeli ýyldyzlar çykyş edýärler.
Klubuň ýolbaşçylygyndaky kadr üýtgeşmeleri hem ýagdaýy has-da ýitileşdirdi. «A Bola» neşiri dolandyryş düzümindäki iki sany portugaliýaly wekiliň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn togtadylandygyny belleýär — bu bolsa toparyň kapitany üçin ýene bir närazylyk dörediji ýagdaý boldy.
Ýatladyp geçsek, ýakyn günlerde «Al-Nasr» kluby Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» topary bilen myhmançylykda duşuşar. AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň çägindäki ilkinji duşuşyk 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. Jogap duşuşygy bolsa bir hepde soň, 18-nji fewralda Er-Riýadda bolar.


düýn 16:49
7.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
7.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
8.5k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
5.2k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....