Ronaldu Aşgabada gelmezden öň ýene-de «Al-Nasrda» türgenleşiklerine başlady

  • 05.02.2026 10:04
  • 17k+

​Kriştianu Ronaldu ýene-de «Al-Nasryň» ygtyýaryna geldi. Garaşylmadyk arakesmeden we uly zenzele turzan myş-myşlardan soň, portugaliýaly oýunçy topary bilen türgenleşiklerine dolanyp geldi diýip, abraýly insaýder Fabrisio Romano habar berdi.

​Ronaldunyň Saud Arabystanynyň çempionatynyň oýnuny sypdyrmagy, Karim Benzemanyň «Al-Ittihad-dan» «Al-Hilala» geçmegi bilen bir hatarda soňky günleriň esasy wakalarynyň biri boldy. Möwsümde ilkinji gezek «Al-Nasr» meýdança öz lideri bilen çykmady, ýöne şonda-da «Er-Riýaddan» 1:0 hasabynda üstün çykdy. Emma Internetde ýaýran habarlaryň çäklerinde portugaliýaly futbolçynyň sanawa girmezligi ýagdaýy has-da ýitileşdirdi.
​Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, Ronaldu klub ýolbaşçylarynyň transfer syýasatyndan närazy boldy. Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasynyň «Al-Ittihad», «Al-Hilal» we «Al-Ahli» klublaryny işjeň güýçlendirýän wagtynda, «Al-Nasryň» gyşda güýçli täze oýunçylarsyz galmagy ony alada goýupdyr diýlip çaklanylýar. Bu ýagdaý meýdança çykmakdan ýüz öwürmek baradaky gürrüňleri, şeýle hem hüjümçiniň bu hili dolandyryş modelinde adalatly bäsdeşlik üçin howp görýändigi baradaky gürrüňleri döretdi.
​Ronaldu möwsümiň möhüm döwründe — AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» bilen boljak iki oýunlyk gapma-garşylygyň öňüsyrasynda türgenleşiklere dolanýar. Geljek hepde «Al-Nasr» Aşgabada geler. Toparlaryň arasyndaky birinji oýun 11-nji fewralda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda geçiriler. 18-nji fewralda toparlar eýýäm Er-Riýad şäherinde duşuşarlar.


düýn 22:01
3.3k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

08.06.2026 12:42
9.1k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......