Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi

  • 05.02.2026 02:14
  • 11k+

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow topary Monte-Karloda geçirilen Halkara sirk sungaty festiwalynda halkara şahadatnamalara mynasyp bolmagy bilen gutlady.
Ol toparyň agzalarynyň atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýandyklaryny aýdyp, olaryň at üstünde görkezýän oýunlarynyň dünýä halklaryny haýran galdyrýandygyny, olaryň ençeme halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandyklaryny guwanç bilen belledi.
«Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin, Hormatly Prezidentimiz Sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen çözgütleri mälim etdi.
Şeýle hem toparyň ýolbaşçysyna we agzalaryna sowgat hökmünde nepislik bilen ýasalan at eýerleri gowşuryldy.

Toparyň wekili bildirilýän üns-alada we goldaw üçin hoşallyk bildirip, geljekde hem milli atçylyk sungatyny ösdürmek we halkara çärelerine işjeň gatnaşmak arkaly bu ugra öz goşandyny goşmagy dowam etdirjekdiklerini aýtdy.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......