Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystana bardy we Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine zyýarat etdi
21-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystana bardy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän Türküstan şäheriniň Hazret Sultan halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar...