Ilham Aliýew iş sapary bilen Türkmenistana geldi

  • 22.08.2025 11:49
  • 9.7k+

22-nji awgustda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça, iş sapary bilen Türkmenistana geldi.

Türkmenbaşy halkara howa menzilinde goňşy döwletiň Baştutanynyň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Azerbaýjanyň Liderini Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew, şeýle hem beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Bellenilip geçilişi ýaly, Ilham Aliýew Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammite gatnaşar. Sammit Hazar deňziniň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......