Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Ýewropa ibermek mümkinçilikleri barada aýtdy

  • 23.08.2025 07:59
  • 13k+

22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýäde energiýa serişdelerine bolan islegleri doly üpjün etmekde milli energetika ulgamlarynyň ygtybarly goruny döretmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. “Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamyň çemeleşmesi hem-de üç döwletiň gatnaşmagynda toplumlaýyn, hemişe hereket edýän energiýa serişdeler ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlyk möhümdir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde elektrik energiýasynyň eksportynyň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda Özbegistan bilen ýola goýlan gatnaşyklarda oňyn tejribe toplanandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan her ýyl Özbegistana elektrik energiýasynyň köp möçberini iberýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermek mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmeginiň türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana we onuň çägi arkaly Ýewropa ýurtlaryna ibermek üçin goşmaça mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistandan Azerbaýjana we Özbegistana tebigy gazy ibermek bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň wajypdygy nygtaldy.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......