Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrylmagy tabşyrdy

  • 01.09.2025 13:44
  • 11k+

31-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda “Ahalteke atlary” şaýolunyň ugrunda guruljak girelgäniň görnüşi, täze şäheriň köpugurly stadionynyň öňünde goýulmagy meýilleşdirilýän nyşanlar, açyk görnüşli suwaryş suw saklaýjy howuzlar toplumyndan suwaryş suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamyň Garagum derýasynyň üstünden we aşagyndan geçirilişiniň taslamalary, “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleriniň, çaga iýmitleriniň görnüşleri, Gorjaw etrap häkimliginiň binasynyň içki bezegleri, täze şäheriň demir ýol menziliniň içki bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar bar. 
Gurbanguly Berdimuhamedow şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde alnyp barylýan we meýilleşdirilen işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini, görkezilen taslamalara girizilen düzedişleriň degişli derejede berjaý edilmelidigini aýtdy we binalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, şunda ösen tejribeleriň, täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy babatda öz maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dürli maksatly binalaryň üçekleriniň örtüginde ulanylýan, häzirki döwürde önümçiligi ýola goýlan üçekleriň görnüşlerini synlady. Bu ýerde olaryň dürli görnüşleri, reňk aýratynlyklary görkezildi.
Umuman, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň çaltlandyrylmagy, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegi, gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidir.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......