Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişýär

  • 02.10.2025 10:48
  • 7.2k+

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi.

Şertnama laýyklykda, “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän metjidiň taslamasyny taýýarlamak we ony gurmak işlerini ýerine ýetirer. Munuň özi haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň geriminiň barha giňeýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Metjit gurmak teklibi ilkinji gezek 2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana saparynyň barşynda agzaldy. Şol wagt türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen bilelikde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördüler.


düýn 11:41
2.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......