Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde dekabrdaky çärelere taýýarlyk maslahatlaşyldy

  • 21.08.2025 11:15
  • 6.4k+

20-nji awgustda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýyl köp sanly halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilýändigini nygtap, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyny hem-de beýleki çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäreleri talabalaýyk guramak boýunça öňde duran wezipelerdir ýerine ýetirilmeli işler barada durup geçdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam edip, baýramçylyk dabaralaryny we halkara çäreleri geçirmek, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işleriniň depginini güýçlendirmegiň, halkara maslahatyň maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şeýle hem çäreleriň çäklerinde ýokary hilli, kämil aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak, häzirki zaman internet hyzmatlary bilen üpjün etmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çäreleriň geçirilýän günlerinde Aşgabadyň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmegiň, şanly senä taýýarlyk görmek bilen bagly paýtagtymyzy abadanlaşdyrmagyň, uly toýa ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady. Halkara çäräniň geçjek günlerinde taryhy wakalary halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin hem ähli zerur şertler döredilmelidir.
Şeýle-de Milli Liderimiz çäreleriň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.


11.05.2026 22:55
982

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......