Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

  • 02.10.2025 17:51
  • 10k+

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Bu ýerde görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň sanjym önümleriniň önümçiligine niýetlenen kärhananyň, baş metjidiň girelgesiniň taslamalary, “Ahalteke atlary” şaýoluny döwrebaplaşdyrmak, Janly tebigatyň milli muzeýine çenli teklip edilýän täze ýoly gurmak boýunça, şeýle-de ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar. Arkadag şäheriniň çäklerinde, dürli maksatly binalaryň aralarynda we ýol ýakalarynda ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň, dürli gülleriň görnüşleri-de görkezildi. Mundan başga-da, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň ylmy-barlag we okuw merkeziniň, Milli sanly saglygy goraýyş ulgamynyň hassalaryň maglumatlaryny dolandyrýan merkeziniň şekil taslamalary, onda ýerine ýetiriljek işleriň ähmiýeti barada hasabat berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şekil taslamalaryny synlap, olara degişli birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. 
Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde arassaçylyk we abadançylyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda guraljak giň möçberli sergide Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan pawilýony guramak işleri hakynda aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ynsanperwer däplerine eýerip, häzirki wagtda täze desgalary gurmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan degişli ylalaşyk işleri barada hasabat berdi.
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýew häzirki döwürde täze şäheriň çäklerinde ylmy-barlag we okuw merkezini döretmek, häzirki zaman dispetçer ulgamyny esaslandyrmak, gelip gowuşýan maglumatlary netijeli öwrenmek, Arkadag şäheriniň ilatynyň saglyk ýagdaýy baradaky elektron maglumatlary jemlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi


düýn 17:19
1.5k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
814

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

düýn 14:48
6.7k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...

15.03.2026 09:38
7.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow musulman dünýäsiniň iň mukaddes gijeleriniň biri bolan Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda türkmen halkyna öz gutlag hatyny iberdi. Gutlagyň doly teksti TDH tarapyndan çap edildi...