Gurbanguly Berdimuhamedow hususy pudagyň gazananlary barada gürrüň berdi: sanlar

  • 02.09.2025 12:34
  • 9.9k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hususy pudagynyň ýeten sepgitleri barada belläp geçdi.

"Ilkibaşda türkmen telekeçileriniň ýöredýän kärhanalary kuwwatlylygy kiçiräk, ýönekeýje kärhanalardy. Döwletimiziň berýän hemaýat-goldawlaryny netijeli peýdalanyp, bu günki gün şol kiçi kärhanalar uly kuwwatly önümçilige öwrüldi. Olar dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýärler. Ýurdumyzda şeýle kuwwatly kärhanalaryň sany ýylsaýyn artýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda birnäçe san maglumatlaryny getirdi:

  • Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 29 müňden gowrak agzasy bar.
  • Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda TSTB-niň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 11 milliard 500 million manada golaý bolan 337 sany desga gurlup ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda birleşmäniň agzalarynyň gatnaşmagynda jemi bahasy 3 milliard 400 million manada golaý bolan 120 sany desganyň gurluşyk işleri alnyp barylýar;
  • TSTB-niň agzalary jemi bahasy 2 milliard 300 million amerikan dollaryna deň bolan, umumy uzynlygy 600 kilometre ýetýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem ýerine ýetirdiler.
  • Birleşme döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary tarapyndan 97 milliard manada golaý ýa-da 28 milliard amerikan dollaryna golaý 5 müň 300-den gowrak taslama üstünlikli durmuşa geçirildi.
  • 425 müňe golaý iş orny döredildi;
  • öndürilýän önümler dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edilýär.

düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......