Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda atçylyk toplumlaryna baryp gördi

  • 25.09.2025 13:36
  • 8.7k+

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna baryp, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň ýörite meýdançasynda Hanbeg atly bedewe atlanyp, aýlawyň çäginde gezim etdi, şeýle-de toplumyň çapuw ýodasynyň, oňa düşelen çägäniň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň seýisleriniň we atşynaslarynyň bir ýerde jemlenip, toplumyň çapuw ýodasynyň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi çapuw ýodalarynyň milli atşynaslyk ýörelgeleri we köpýyllyk tejribe esasynda döwrebaplaşdyrylmagynda, olaryň ýokary halkara kadalara laýyk gelmeginde ähmiýetli bolar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat atçylyk sport toplumynda geçiriljek baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekip, baýramçylyk mynasybetli işlenip taýýarlanan maksatnamany ýokary derejede amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.
Gurbanguly Berdimuhamedow toplumdaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, bu ýerde bedewler, atbakarlaryň netijeli işiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde behişdi bedewleriň şöhratly taryhynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilmegine mynasyp goşant goşýan atşynaslaryň zähmeti höweslendirilmelidir.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......