Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

  • 11.08.2025 15:14
  • 8.2k+

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlap, minnetdarlyk hatlaryny iberdi.

Özbek lideri forumyň çäklerinde Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilendigini, şeýle hem Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň tassyklanandygyny aýratyn kanagatlanma bilen belledi. "Geçirilen açyk we netijeli ikitaraplaýyn gepleşikleriň dostlukly döwletlerimiziň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn" diýip, Mirziýoýew aýdýar.
Şeýle hem Şawkat Mirziýoýew saparynyň çäklerinde özüniň ýokary döwlet sylagy — Türkmenistanyň “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” ordeni bilen sylaglandyklary üçin Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň Başlygyna, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

"Bu ýokary sylagy diňe bir maňa we ähli özbek halkyna bildirilen sylag-hormatyň nyşany hökmünde däl-de, eýsem, biziň doganlyk halklarymyzyň arasyndaky baky dostlugyň nyşany hökmünde hem kabul edýärin. Siziň ýakynda ýurdumyza amala aşyrjak saparyňyzyň ikitaraplaýyn hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny düýpgöter täze derejä çykarjakdygyna berk ynanýaryn" diýip, özbek Lideri belledi.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......