Türkmenistanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi açyldy

  • 02.09.2025 12:08
  • 16k+

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasy mynasybetli Gutlag sözi bilen çykyş etdi.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýulynda girişildi. Jemi 8 gektar çäkde ýerleşýän ýokary okuw mekdebiniň desgalarynyň gurluşygy «Nur bina gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär.


Bu ýerde talyplaryň bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, dynç almagy we wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýurdumyzda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşdäki ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup, bu ýerde dil öwreniş bölümi, hünär derejesini ýokarlandyryş; işewürligiň ykdysadyýeti we dolandyryşy, oba hojalyk işewürligi; sanly tehnologiýalar; binagärlik-gurluşyk işewürligi fakultetleri, şeýle hem olaryň düzümine girýän 14 kafedra, 42 sany tejribehana hereket eder. Uniwersitet öz işini doly hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrar.
Uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.
Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar.

Açylyş dabarasynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri döwrebap ýokary okuw mekdebiniň barlag-tejribehana otaglaryna baryp, olarda döredilen şertler we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Uniwersitetiň ilkinji talyby bolmak bagty miýesser eden ýaşlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlary bilen gyzyklandy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy barlag-tejribehana otagyna, gurluşyk materiallary we konstruksiýalary barlag-tejribehana otagyna baryp gördi. 
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň rektoryna şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......