Döwlet we Hökümet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

  • 22.09.2025 12:39
  • 22k+

22-nji sentýabrda dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa  doglan güni mynasybetli gutlaglaryny iberdiler. Gutlag hatlarynyň teksti Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi tarapyndan çap edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 44 ýaş toýy mynasybetli Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan gutlaglaryny iberdiler.
Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani hem mähirli arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle-de gutlaglar Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýewden, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustinden, Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedewden, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan we RF-niň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkindan gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň halkynyň adyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowy Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady.

«Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyňyzyň netijesinde ýurdumyz häzirki wagtda dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hatarynda tanalýar. Bagtyýar döwrümiz, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýik işler, durmuş taýdan goraglylyk halkymyzy çäksiz buýsandyrýar» diýlip, Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlagynda aýdylýar.

Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň Prezidentine jan saglyk, bagt, abadançylyk we döwlet işlerinde täze üstünlikler arzuw edildi.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......