Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Ilham Aliýew bilen duşuşdy

  • 08.10.2025 08:12
  • 5.9k+

7-nji oktýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň geçiriljekdigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýewi oňa gatnaşmaga çagyrdy.
Dostlukly ýurduň döwlet Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşýandygyny hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Hazar boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, söwda, deňiz gatnawlary we ylmy gözlegler ýaly ugurlary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklap, Hazar deňziniň häzirki ekologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, bu sammitiň esasy mowzugy hökmünde deňziň ekologik howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen bagly meseleleriň orta çykarylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, bar bolan mümkinçilikleri has doly derejede durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparyna möhüm orun degişlidir. Söhbetdeşler ulag-logistika, energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, täze tehnologiýalar ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň guralmagynyň meýilleşdirilýändigini, ýurdumyzyň bu çäräni ýokary derejede geçirmäge taýýardygyny belledi. Şeýle hem söhbetdeşler halyçylyk, ahalteke we garabag atlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen ähli ugurlar boýunça ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ilham Aliýewi özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......