Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan bitewi ulag strategiýasyny döretmek başlangyjyny maslahatlaşýar

  • 23.08.2025 08:14
  • 7.7k+

22-nji awgustda “Awazada” geçirilen «Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyň barşynda eden çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow üçtaraplaýyn hyzmatdaşlykda ulag ulgamynyň aýratyn ähmiýetli orny eýeleýändigini belledi.

“Ykdysadyýetiň bu ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ösmegi üçin strategik ähmiýete eýedir” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän ulag geçelgeleriniň biziň ýurtlarymyzyň çäginden, şeýle-de Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçip, yklymyň köp ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň ösüşinde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu geçelgeleriň ulag ugurlaryny köptaraply esasda ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

“Munuň özi üç ýurduň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder. Häzirki ajaýyp mümkinçilikden peýdalanmagymyzy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegimizi zerur hasaplaýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin halkara derejede ylalaşykly we maksadalaýyk ulag diplomatiýasyny amala aşyrmagyň zerurdygyny aýdyp, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......