22-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew duşuşygyň barşynda eden çykyşynda ýakynda Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilendigini belledi.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çykyş edip, bu duşuşygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Azerbaýjanyň ýangyç-energetika, ulag-logistika ulgamlarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Ilham Aliýew degişli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, öňe sürülýän başlangyçlary amala aşyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň syýasy-diplomatik ulgamda özara gatnaşyklaryň ýokary nusgasyny görkezip, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge saldamly goşant goşýandyklaryny belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy hemmeleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Ýokary derejeli üçtaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.