6.8k+

“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy

“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy...

5.2k+

QS talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäherini saýlady – birinji orunda Seul

Quacquarelli Symonds (QS) analitik agentligi talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäheriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Birinji orny iň ýokary 100 baly alan Seul eýeledi. QS Best Student Cities reýtingine girmek üçin şäher ilatynyň azyndan 250 müň adam bolmagyny we global QS reýtingine girýän azyndan iki uniwersitetiniň bolmagyny göz öňünde tutýan talaplara laýyk gelmeli...

6.1k+

Coca-Cola ABŞ-da mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalşar

Coca-Cola kompaniýasy amerikan bazary üçin öndürýän içgisiniň düzümini üýtgetmäge razy boldy. Bu barada 16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donalt Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda habar berdi. Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň ýolbaşçylygyna ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalyşmagy teklip edendigini aýtdy...

2.9k+

Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär...

1.7k+

Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer

Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer...

4.4k+

Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi

Mitsubishi kompaniýasy ýedi orunlyk täze Destinator krossowerini hödürledi. Tanyşdyryş Indoneziýadaky GAIKINDO halkara awtoulag sergi jaýynda geçirildi. Bu model Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň bazarlary üçin niýetlenendir we uly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenip taýýarlandy...

3k+

Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer

Mersedes-Benz kompaniýasy Microsoft Teams-iň üsti bilen awtoulagy togtatmazdan, wideo jaňlary etmäge mümkinçilik berýän funksiýanyň girizilendigini habar berdi. Bu täzelik nemes awtoulag öndürijisini ulag hereketdekä wideo jaňlary etmek üçin oturdylan kamera bilen ilkinji bolup üpjün edýän öndürijä öwürýär...

6.3k+

Xiaomi-niň, Redmi-niň и POCO-nyň 31 modeli Android 16-ny almaz

Xiaomi kompaniýasy Android 16-a çenli täzelenmäni almajak 31 sany smartfon modeliniň sanawyny çap etdi. Bu enjamlar funksiýalar toplumy çäkli bolan Android 15-e esaslanýan täze HyperOS 3 programma üpjünçiligi bilen täzelener...

2.3k+

Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy

Hyundai ccNC multimediýa ulgamyna Google Places hyzmatyny birleşdirdi. Täzelenme häzirki wagtda Konany hem öz içine almak bilen, Santa Fe-niň we Tucson-nyň täze nesilleri, şeýle hem Ioniq 5, Ioniq 5 N we geljekki Ioniq 9 ýaly iň täze programma üpjünçiligi bolan modeller üçin elýeterlidir...

10k+

iPhone 17 täze A19 prosessoryny alar

Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi. Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar. Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar...

8.2k+

Nissan elektrik awtoulaglarynyň ýerine täze ramly ulaglary çykarar

Nissan ABŞ-nyň Missisipi ştatynyň Kanton şäherindäki zawodynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini bes edip, birbada birnäçe ramly modeliň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň azalmagy, täze gümrük paçlarynyň girizilmegi we ABŞ-da elektrik awtoulaglaryny satyn almak üçin subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli strategiýasyny üýtgetmek kararyna geldi...

6.1k+

Toksuz ýagty saçýan ýanýoda örtüginiň täze düzümi döredildi

Gije pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin luminoforly örtükler - ýagtylyk ýygnanandan soň ýagty saçýan maddalar has köp ulanylýar. Şeýle örtükler welosiped ýollarynda, awtoulag duralgalarynda we pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynda ulanylýar...

9.9k+

Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy

Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär...

2.8k+

Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi

Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi...

3.5k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar...

8.2k+

Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi. Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi...

2.8k+

“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär. Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy...

5.1k+

FIFA-nyň ilkinji resmi senasy hödürlendi: ony Robbi Uilýams ýazdy

Britaniýaly aýdymçy Robbi Uilýams Halkara Futbol Federasiýasynyň taryhda ilkinji resmi senasyny hödürledi. Desire atly aýdym italiýaly aýdymçy Laura Pauzini bilen bilelikde ýazyldy. Aýdymyň awtorlary Karl Brazil, Ouen Parker we Erik Ýan Grob hem-de Uilýamsyň özi boldy...