Akulalaryň suratlarynyň Shark Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

  • 17.07.2025 17:50
  • 8.2k+

Shark Trust haýyr-sahawat guramasy suwasty suratlaryň Shark Photographer of the Year 2025 halkara bäsleşiginiň jemini jemledi.

Netijeler 14-nji iýulda – akulalar barada habarlylygyň gününde yglan edildi. Bu baýramçylyk akulalaryň deňiz ekoulgamyndaky ähmiýeti barada habardarlygy ýokarlandyrmak we olar baradaky ters düşünjelere garşy göreşmek üçin döredildi.
Akulalar Ýeriň ýüzünde ýüzlerçe million ýyl bäri ýaşaýar. Häzirki günde bu balyklaryň 500-den gowrak görnüşi bar. Olaryň ululygy kiçi fonar akula üçin 18 sm-den kit akulasy üçin 12 m çenli üýtgeýär.
Akulalaryň öňünde giňden ýaýran gorky, esasan, KHBS-de we kinematografda döredilen obraz bilen baglanyşyklydyr. Olaryň adama topulýan ýagdaýlary örän seýrek. Ylmy gözlegçileriň maglumatlaryna görä, adamlara garşy öjükdirilmedik hüjümleriň köpüsine akulalaryň diňe dört görnüşi jogapkärdir. Şol bir wagtyň özünde, olaryň topulmak töwekgelçiligi 4 milliondan 1 ýagdaý diýlip hasaplanýar, adamlaryň özi bolsa her ýyl 100 milliona çenli akula öldürýär.
Bäsleşigiň guramaçylary bu deňiz haýwanlaryna bolan garaýşy üýtgetmegiň möhümdigini belläp, ýeňiji suratlaryň olaryň tebigatyna has gowy düşünmäge kömek etjekdigine umyt bildirýär.

Bäsleşigiň umumy ýeňijisi – Awstraliýanyň kenarynda zebra akulanyň suraty (Stegostoma fasciatum) / Ýulian Hebenştraýt

“Britan adalary” nominasiýasynda ýeňiji – Şotlandiýanyň kenarynda kiçi pişik akula (Scyliorhinus canicula) / Hektor Klark

“Umman gözlegi” nominasiýasynda ýeňiji – Kubanyň kenarynda ýüpek akula (Carcharhinus falciformis) / Baýron Konweý

“Umman gözlegi” nominasiýasynda ikinji orun – pelagik tilki akula (Alopias pelagicus) / Laslo Fýoldi

“Ortaýer deňzi” nominasiýasynda ýeňiji – tekiz bedenli akula (Squatina) / Linda Massa

“Ortaýer deňzi” nominasiýasynda ikinji orun – doňuz akula (Oxynotus centrina) / Andreý A.Gaýiç

“Akulalar bilen durmuş” nominasiýasynda ýeňiji – Kornuollyň kenarynda suwasty fotosuratçy bilen gök akula (Prionace glauca) / Jillian Marş

“Akulalar bilen durmuş” nominasiýasynda ikinji orun – kit akula (Rhincodon typusLaslo Fýoldi

“Britan adalary” nominasiýasynda finalçy – ägirt akula (Cetorhinus maximus) / Jeýms Li

“Ýaş akula fotosuratçysy” nominasiýasynda ýeňiji – kit akula (Rhincodon typus) / Panitbhand Paribatra Na Aýuttaýýa


19.06.2026 19:36
5.8k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 14:24
6k+

Täjigistandan Ýaponiýa çenli: «World Food Photography Awards 2026» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

​«World Food Photography Awards 2026» halkara bäsleşiginiň guramaçylary tagam we iýmit mowzugyna bagyşlanan iň gowy fotosuratlary mälim etdiler. Bäsleşigiň baş baýragyny Täjigistandaky sowet döwründen galan......

28.05.2026 17:17
5.3k+

Ýaltajygyň ýoly we haýran galýan geçigaplaň: National Geographic-den ýabany tebigatyň täze suratlary

National Geographic haýwanlaryň durmuşyna we ekoulgamlary gorap saklamak meselelerine bagyşlanan ýabany tebigatyň täze fotosuratlaryny hödürledi....