Kia kompaniýasy Günorta Koreýada täzelenen 2026 Sorento krossoweri bilen tanyşdyrdy.
Indi modeliň esasy toplumy Lane Keeping Assist 2 we ruluň tutawajyny dolandyrmak ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, sürüjä giňeldilen kömek funksiýalary ulagyň ähli wersiýalarynda elýeterli boldy.
Noblesse toplumyndan adaty enjamlaşdyrylyşa Digital Key 2 sanly açary we daşky duýgur tutawaçlar geçdi. Ulagyň içinde dört çişli täze dest we gapy panellerinde LED yşyklandyryş peýda boldy.
Signature-nyň gibrid görnüşleri 19 dýuýmlyk teker disklerini aldy.
Gravity-niň öňki wersiýasynyň ýerine daşky bezegi has haýbatly görünýän X-Line modifikasiýasy hödürlenýär. Ol beýleki bezeg derejelerinden gara at ýazgylary we gapaklary bilen tapawutlanýar.
Täzelenen Sorentonyň bahalary 25 800 dollardan başlaýar. Gibrid gurnamaly we ähli tigirleri hereketli iň ýokary X-Line bezeg derejeli görnüşiniň bahasy 35 200 dollar.
Öndürijiniň berýän maglumatlaryna görä, Sorento Günorta Koreýada iň geçginli ortaça ulag derejesini saklaýar. Kia täzelenmeleri nazara almak bilen, model bazardaky ornuny hasam berkider diýip garaşýar.