Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer

  • 19.07.2025 06:37
  • 1.7k+

Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar.

Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar.
Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer. Gahrymanlar öz durmuşyny üýtgetmek, biriniň gözegçiliginden çykmak we öz düzgünleri boýunça hereket etmek kararyna gelýär.
Filmiň prodýuserleri Open Invite Entertainment-den Gosling we Jessi Henderson, şeýle-de Gloria Sanchez Productions-dan Ferrell we Jessika Elbaum bolar. Ýerine ýetiriji prodýuserler hökmünde Trewor Engelson we Aaron Folbe çykyş eder.
Taslamanyň režissýory heniz belli däl, häzir gepleşikler dowam edýär. Şeýle-de, aktýorlar düzümine başga kimiň gatnaşjakdygy we filmiň haçan düşürilip başlanjakdygy habar berilmeýär.
Ýakyn geljekde Raýan Goslingi Amazon MGM Studios-yň “Awe Mariýa” taslamasy” fantastiki komediýasynda hem görmek bolar, onuň çykmagy 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär. Uill Ferrell hem bu studiýa tarapyndan döredilýän “Kyýamat güni” filmine gatnaşar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......