iPhone 17 täze A19 prosessoryny alar

  • 18.07.2025 12:27
  • 10k+

Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi.

Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar.
Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar.
iPhone 17 Pro, 17 Pro Max we 17 Air wersiýalarynda A19 Pro-nyň RAM-y 12 Gb-a çenli köpeldilen çipi gurlar.
Ozal iPhone 17 -de iPhone 16-nyňky ýaly çipler ulanylar diýip çaklanýardy.
Mundan başga-da, iPhone 17 Pro-nyň we iPhone 17 Pro Max-yň titan däldigi belli boldy. Apple arzan materiallaryň - alýuminiň ýa-da poslamaýan poladyň peýdasyna premial materiallardan ýüz öwrer. Titan korpusly 17 seriýaly ýeke-täk model inçe iPhone 17 Air bolar.
Şeýle hem, insaýder kompaniýanyň 2026-njy ýylyň ýazynda iPhone 17 býujet modelini çykarjakdygyny habar berdi. Smartfon iPhone 16-ä we iPhone 14-e gurnalanlara meňzeş OLED ekranyny alar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...