Agramy 25 kg bolan Ýerdäki iň uly Mars meteoriti auksionda 5,3 mln dollara satyldy

  • 17.07.2025 18:23
  • 11k+

Sotheby’s auksionynda häzire çenli Ýerde tapylan iň uly Mars meteoriti satyldy. Auksion öýüniň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, onuň üçin gutarnykly baha 4,3 mln dollar boldy. Ýygymlary we çykdajylary göz öňünde tutup, alyjy, takmynan, 5,3 mln dollar töledi.

Associated Press-iň maglumatlaryna görä, göz öňünde tutulan baha 2 – 4 mln dollar bolupdy.
NWA 16788 atly meteorit 2023-nji ýylyň noýabrynda Nigerdäki Sahara çölünde meteorit awçysy tarapyndan tapyldy. Onuň agramy 24,67 kg barabar – bu Ýerde tapylan ululygy boýunça ikinji Mars böleginden, takmynan, 70% uludyr.
Satuwdan öň meteorit Rimdäki Italýan kosmos agentliginde we Toskanadaky hususy galereýada görkezildi.


düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.6k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....