Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär

  • 19.07.2025 07:03
  • 7.4k+

Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär.

Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy. Onuň kömegi bilen jaň etmek, howany bilmek, internetde maglumat gözlemek, budilnik gurmak we telefony ulanmak boýunça görkezme almak bolýar. HMD EA-nyň gartaň adamlara kimdir biriniň kömegi bolmazdan gurluşyň funksiýalaryny öwrenmäge kömek etjekdigini belleýär.
Telefonlar reňkli ekran, uly düwmeler, LED-çyra, USB-C porty, 3,5 mm ses çykaryjysy, aýrylýan akkumulýator bilen üpjün edildi we Wi-Fi-y, Bluetooth-y, FM-radiony, iki nanoSIM kartyny we 4G-ni goldaýar. Smartfonlarda brauzer, terjimeçi we “Ýylan” oýny bar. HMD 102 modeli goşmaça 0,5 Mp kamera eýe boldy.


Telefonlaryň satuwy eýýäm Aziýa ýurtlarynda başlady. Olar gyzyl we gök reňklerde elýeterli.
HMD 101-iň bahasy 149 ýuan ($20), HMD 102 – 169 ýuan ($23,5). Uly wersiýa diňe suratlar (wideosyz) üçin niýetlenen 0,5 Mp kamerasynyň barlygy bilen tapawutlanýar.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......