Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy

  • 19.07.2025 06:53
  • 2.9k+

Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar.

Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär. Bu keşpde ol haýwanlar bilen tanyşmak we olara has gowy düşünmek üçin ýabany tebigata ugraýar.
Wideoda gahrymanyň haýran galyjylyk bilen özi üçin täze dünýäni açyşy, guşlaryň diline düşünip, beýleki samyrlar bilen kölde ýüzüp başlaýşy görkezilýär. Şeýle-de, ol ene aýy bilen ýüzbe-ýüz bolup, ýerli “howuz düzgünlerini” bilýär: ýyrtyjylar tutup bilen islendik haýwanyny iýip bilýär.
Filme Deniel Çong režissýorlyk etdi. “Ol emosional, hakyky we giň gerimli bolar. Ýöne men komediýanyň hem ýokary derejede bolmagyny isledim” – diýip, režissýor belledi.
Baş gahrymanlara Paýper Kurda, Bobi Moýnihen we Jon Hemm ses berdi. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......