Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi

  • 19.07.2025 06:33
  • 4.3k+

Mitsubishi kompaniýasy ýedi orunlyk täze Destinator krossowerini hödürledi. Tanyşdyryş Indoneziýadaky GAIKINDO halkara awtoulag sergi jaýynda geçirildi.

Bu model Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň bazarlary üçin niýetlenendir we uly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenip taýýarlandy.
Awtoulag kuwwaty 120 kWt (163 at güýji) we torky 250 Nm bolan 1,5 litrlik turbo görnüşli MIVEC hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji CVT bilen jübütlenendir. Dürli ýol şertlerine uýgunlaşdyrylan Wet we Gravel ýaly bäş sany sürüş tertibi bar.


Ulagyň içi giňändigi, oturgyçlarynyň ýokarrak galdyrylandygy, içinden daş-töweregiň oňat görünýändigi we 12,3 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamy bilen tapawutlanýar. Üçünji hatarda aýratyn howa geçirijileri bar we köp sanly USB portlary goýuldy. Giň ýükdany we ergonomiki ýerleşiş modeli maşgala gezelençleri üçin amatly edýär.
Krossoweriň podweskasy sebit şertlerinde ulanmak üçin ýörite üýtgedildi: öň tarapynda McPherson söýegleri we yzky böleginde pürs oky oturdyldy. Öndürijiniň aýtmagyna görä, Destinator gündelik ulanmak we maşgala syýahaty üçin köpugurly ulag gözleýänlere niýetlenendir.


şu gün 16:46
1.4k+

Mitsubishi dünýä bazary üçin Nissan Rogue krossowerini we Navara pikapyny ýygnap başlady

Mitsubishi Motors kompaniýasy Nissan brendi üçin iki modeliň önümçiligine başlady. Bu birikdirilýän gibrid enjamly Nissan Rogue krossoweri we Nissan Navara pikapydyr. Rogue plug-in hybrid ulagynyň önümçiligi 12-nji ýanwarda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň Okadzaki şäherindäki Mitsubishi zawodynda başlady...

05.01.2026 15:00
9.9k+

Mitsubishi syrly bir modeliň tizerini görkezdi: ol täze Pajero bolup biler

Mitsubishi kompaniýasy Ralliart bölümçesi bilen bilelikde döredilen korporatiw mahabatda geljekki modeliň tizerini görkezdi. Wideo brendiň sport üstünliklerine bagyşlandy, ýöne wideonyň ahyrynda täze bir ulagyň silueti görkezilýär...

08.11.2025 07:21
4.2k+

Mitsubishi kaşaň Elevance konsepti bilen tanyşdyrdy: wnedorožniklere täzeçe çemeleşme

Mitsubishi kompaniýasy Japan Mobility Show 2025 sergisinde üç hatarly täze Elevance konseptual wnedorožnigini görkezdi. Geljekde Pajero Sport modeline täsir edip biljek bu konsept, dört elektrik hereketlendirijisi we kompaniýanyň S-AWC ähli tekerleri hereketli ulgamy bilen işleýän plugin-gibrid ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr...

20.10.2025 11:00
3k+

Mitsubishi indiki ýyl täze Outlander-iň çykjakdygyny tassyklady

Mitsubishi ýapon awtokonserniniň Demirgazyk Amerikadaky bölümi 2026-njy ýylda meşhur Outlander krossoweriniň doly täze, hakykatdan-da ýolsuz ýerlere niýetlenen görnüşini hödürlejekdigini tassyklaýardy. 2025-nji ýylda çykarylan Outlander Trail Edition modelinden soň, kompaniýa indiki ädim hökmünde doly wnedorožnik mümkinçiliklerine eýe bolan täze modifikasiýany döretmek kararyna geldi...