Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi

  • 18.07.2025 06:54
  • 8k+

Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Rafale-niň teker bazasy yzky hatardaky ýolagçylaryň rahatlygyny artdyrmak üçin goşmaça uzaldyldy. Şeýle-de, sowutlanan kuzow we güýçlendirilen ses izolýasiýasy ýaly gorag elementleri goşuldy. Awtomobil 1,2 litrlik benzin hereketlendirijisi bilen kuwwaty 300 at güýjüne barabar bolan gibrid bilen enjamlaşdyryldy.
Kuzow Bleu Présidence – ak we gyzyl öwüşginli gök-benewşe reňk bilen boýaldy. Öňdäki ganatlarda fransuz baýdagynyň reňklerinde nyşanlar, radiator gözeneginde bolsa üç reňk stilinde dekoratiw elementler ýerleşdirildi. Ulagyň gapdal tarapynda baýdak üçin saklaýjy bar.
Salon bezeginde tebigy materiallar ulanyldy. Rul, öňdäki panel we yzky konsol Pireneýlerden gara mermer, dolandyryş paneli bolsa gara buk bilen bezeldi. Oturgyçlar deri bilen örtüldi we wentilýasiýa ulgamy bilen üpjün edildi, gapylar awtomatik ýapylýar.
Renault ulagyň agramyny aýtmaýar. Adaty wersiýanyň agramy, takmynan, 1 700 kg barabar, ýöne sowudy göz öňünde tutsaň, prezident Rafale-si 2 700 kg golaýlap biler. Adaty model 6,4 sekuntda 100 km/sag çenli tizligini artdyrýar we elektrik tirkegde 105 km çenli ýol geçip bilýär.


10.05.2025 22:41
11k+

Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi

Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy. Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy...

20.02.2025 13:57
1.6k+

Geely we Renault Braziliýada bilelikdäki awtomobil önümçiligine başlar

Fransiýanyň Renault awtoöndürijisi bilen hytaý holdingi Zhejiang Geely Holding Braziliýada zyňyndysy nol we pes derejeli awtomobilleriň bilelikdäki önümçiligi we satuwy barada şertnama baglaşylandygyny mälim etdiler...

17.10.2024 15:35
8.1k+

Volkswagen Parižde birnäçe täze modellerini hödürledi

Volkswagen 2024-nji ýylda Pariž awtoulag salonynda geljek üçin meýilnamalaryny paýlaşyp, birnäçe täze modeli hödürledi. Esasy üns elektrik konseptlerine we täjirçilik ulaglaryna gönükdirilýär diýip, 32Cars.ru ýazýar...

15.09.2024 17:51
19k+

Nissan Qachqai 65 metr belentlikden zyňyldy: ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Nissan awtoöndürijisiniň Ýewropa bölümçesi Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alnan täze rekord barada habar berdi. Berk tanapda asylan içi adamly Nissan Qachqai krossoweri 65 metr belentlikden aşak zyňyldy. Bu...