Geely we Renault Braziliýada bilelikdäki awtomobil önümçiligine başlar

  • 20.02.2025 13:57
  • 1.9k+

Fransiýanyň Renault awtoöndürijisi bilen hytaý holdingi Zhejiang Geely Holding Braziliýada zyňyndysy nol we pes derejeli awtomobilleriň bilelikdäki önümçiligi we satuwy barada şertnama baglaşylandygyny mälim etdiler. Bu hyzmatdaşlyk kompaniýalaryň ikisine-de Latyn Amerikasynyň bazarynda orunlaryny berkitmäge mümkinçilik berer.

Ylalaşygyň netijesinde Zhejiang Geely kompaniýasy Renault do Brasil bölümçesiniň täze hyzmatdaşyna öwrüler. Şol bir wagtyň özünde, hytaý kompaniýasy San-Žoze-dus-Pinýaýs şäherinde (Parana ştaty) ýerleşýän Ayrton Senna senagat toplumyna elýeterli bolar.
Mundan başga-da, Renault do Brasil öz satuw ulgamlaryndan peýdalanyp, ýurtda Geely elektrik we gibrid awtomobilleriniň resmi distribýutory bolar.
Renault bilen hyzmatdaşlyk Geely kompaniýasyna ekologiýa taýdan arassa awtomobillere islegiň artýan ýeri bolan Latyn Amerikasynyň bazaryna çykmaga mümkinçilik berýär. 
Belläp geçsek, Renault bilen Geely-nyň eýýäm birnäçe bilelikdäki taslamasy bolup, olaryň arasynda Günorta Koreýadaky awtomobil önümçiligi hem-de gibrid we gaz awtomobilleri üçin ekologiýa taýdan arassa hereketlendirijileri işläp taýýarlaýan Horse Powertrains bilelikdäki kärhanasy bar. 


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....