Stellantis döwlet Baştutanlary üçin DS N°8 Présidentiel elektromobilini hödürledi

  • 10.05.2025 22:41
  • 12k+

Stellantis kompaniýasy döwlet Baştutany üçin dünýäde ilkinji elektrik awtomobilini – DS N°8 Présidentiel ulagyny hödürledi. Ony Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron aldy.

Awtomobiliň kuzowy gara öwüşginler bilen ýakut gök reňke boýaldy. DS Luminascreen radiator gözenegi fransuz baýdagynyň reňklerinde – gök, ak we gyzyl reňklerde yşyklandyrylýar. Üç reňkli nyşanlar we bamperdäki baýdak üçin saklaýjylar ulagyň statusyny görkezýär. Ýygnalýan ýumşak üçek bolsa awtomobili ýörişler üçin laýyk edýär.
Interýer Dream Blue alkantarasyny we Nappa derisini ulanmak bilen gök reňkde ýerine ýetirildi. Gapy panelleri epinler bilen bezeldi, agajyň deregine bolsa ýelpewajyň şekilinde elde ýasalan çowdary sypalyndan mozaika ulanyldy. Salonda sanly enjam paneli we 16 dýuýmlyk multimedia displeýi oturdyldy. Konsolyň aşagynda, ähtimal, ýörite signallar üçin niýetlenen gizlin düwmeler bar.


Öndüriji elektromobiliň tehniki aýratynlyklary barada maglumat bermedi. Diňe ulagyň geçýän menziliniň 750 km ýetýändigi belli. Awtomobil 245 at güýjüni berýän hereketlendiriji we 97,2 kWt/sag batareýa bilen enjamlaşdyryldy. Ýöne sowut goragy hakyky dinamikany we netijeliligi peseldip biler. 



düýn 10:28
951

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......