Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi

  • 19.07.2025 06:36
  • 9.2k+

Beýik Britaniýada nesil yzarlaýan agyr keseliň öňüni almak boýunça synag işleriniň çäklerinde üç adamyň DNK-synden sekiz sagdyn çaga dünýä indi. Lukmançylyk öňegidişligi barada Sky News we The Guardian habar berdi.

Bu usul çaganyň myşsasynyň, beýnisiniň we ýüreginiň işine zyýan ýetirýän genetiki nogsanlygyň – mitohondrial disfunksiýanyň geçmek töwekgelçiligini azaltmak üçin ulanyldy.
Düwünçekler ösdürilip ýetişdirilende lukmanlar ene-atadan we donordan genetiki kody ulandy: enäniň tohumlandyrylan ýumurtga öýjügi alyndy we ondan ene-atanyň esasy DNK-sy bolan ýadro sagdyn mitohondriýalary bolan donoryň ýumurtga öýjügine geçirildi. Soňra alnan ýumurtga öýjügi göwreliligiň bolmagy üçin ýatga implantasiýa edildi.
Tejribä mitohondriýa mutasiýalary bolan 22 aýal gatnaşdy. Olardan ýedisi göwreli boldy, birinde göwrelilik dowam edýär. Bäş ýylyň dowamynda dört oglan we dört gyz, şol sanda bir ekiz dünýä indi.
Bäş çagada mitohondrial keseliň alamatlary ýüze çykarylmady. Üçüsinde bolsa mutasiýa geçiren mitohondriýalaryň uly bolmadyk göterimi bardy.
Tejribä gatnaşan professor Dag Ternbullyň aýtmagyna görä, proseduranyň üstünde ýigrimi ýyldan gowrak wagt işlendi.
Statistika görä, Beýik Britaniýada, takmynan, 5 müň täze doglan çagadan biri mitohondrial nogsanlyk bilen dünýä inýär. Bu keseliň ilkinji alamatlary irki çagalykda peýda bolýar.  


20.06.2026 12:08
6.5k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......