Müşderiniň islegi bilen 2 mln dollarlyk Pagani giperkary “haraplanan” görnüşde reňklediler

  • 19.07.2025 06:43
  • 7.4k+

Pagani Automobili kompaniýasy Utopia giperkarynyň ýörite sargyt boýunça döredilen özboluşly aýratynlyklary bolan wersiýasyny çykardy. The Coyote atly nusga üýtgeşik bezegi bilen tapawutlanýar – onuň kuzowynda “Le-Manyň 24 sagady” ýaly çydamlylyk ýaryşlaryna gatnaşan, haraplanan ýaly edip görkezýän ýörite çyzyklar we sypjyryklar bar.

Ulag gyzyl, gök we mawy öwüşginler bilen Bianco Benny reňkine boýaldy. Tutuş awtomobilden Martini Racing reňklerinde zolak geçýär. Interýerde gyzyl-gök deri, açyk karbon we başga reňkli tikin ulanyldy.
Reňklenmedik karbonlardan şikes yzlary ganatlarda, splitterde, bosagada we yzky bamperde ýerleşdirildi.
Model 6,0 litrlik goşa turbinaly V12 Mercedes-AMG bilen enjamlaşdyryldy. Ol 864 at güýjüni berýär. Hereketlendiriji 7 basgançakly mehaniki guty bilen bilelikde işleýär. 100 km/sag çenli tizligi artdyrma 3 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizlik 350 km/sag barabar.
Kompaniýa The Coyote-ni sargyt eden adamyň eýýäm bu markadan başga iki superkarynyň bardygyny we her awtomobile “özüniň bir bölegini” siňdirmek isleýändigini belledi.
Bu wersiýanyň bahasy aýdylmaýar. Esasy Pagani Utopia 2,2 mln dollar bolup, 99 nusganyň ählisi modeliň premýerasyndan öň satyldy.

şu gün 15:58
543

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

şu gün 14:40
858

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

şu gün 13:42
1.9k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

düýn 21:03
1.7k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....