Adidas 3D çap krossowkalarynyň giň köpçülik üçin niýetlenen görnüşini çykardy

  • 19.07.2025 06:57
  • 4.5k+

Adidas kompaniýasy Climacool Laced 3D çap krossowkalarynyň täzelenen modelini hödürledi. Ol has giň köpçülik üçin niýetlenýär diýip, The Verge ýazýar.

Aýakgap 3D çap usuly bilen taýýarlanan gözenekli gurluşyny saklady, ýöne başga materiallardan klassyky aýakgap diline we bagjygyna eýe boldy. Bu krossowkanyň aýakda oturyşyny sazlamaga mümkinçilik berip, modeli ölçeg taýdan has köptaraplaýyn edýär.
Adidas doly derejede 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny, aslynda, 2025-nji ýylyň ýazynda global satuwa çykardy. Kompaniýa bu tehnologiýany on ýyldan gowrak wagt öwrenip, ony ilkibaşda aýry-aýry komponentler üçin ulandy. Häzir bolsa 24 sagadyň dowamynda tutuş bir aýakgaby tikinsiz çap etmek üçin ulanýar. Şeýle gurluş krossowkanyň ýeňil bolmagyny, çalt guramagyny we howa çalşygyny üpjün edýär.
Modeliň gündelik geýmek üçin sazlanandygyna garamazdan, onuň bahasy henizem ýokary bolmagynda galýar. Görkezilen baha – 160 dollar. Kompaniýanyň habar bermegine görä, täze görnüş wagtlaýyn ABŞ-nyň diňe käbir dükanlarynda hödürlener, ýöne ony diňe onlaýn satyn almak bolar.
Kompaniýa wagtyň geçmegi bilen satuw şertleriniň we bahanyň üýtgäp biljekdigini belledi. 


10.01.2026 18:02
2.5k+

Adidas Çempionlar ligasynyň geljekki pleý-off oýunlarynyň resmi topuny görkezdi

Adidas kompaniýasy futbol klublarynyň häzirki möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/8 finala çykmak üçin pleý-off oýunlarynda ulanjak resmi topuny hödürledi. Top ak reňkde bolup, ýaryşyň esasy nyşanlarynyň biri bolan ýyldyz nagyşlary bilen bezeldi...

21.12.2025 14:19
8.4k+

Adidas Mohamed Salah üçin Müsüriň taryhyndan ylham alan aýratyn butsyny döretdi

Adidas kompaniýasy öz resmi saýtynda «Liwerpulyň» we Müsüriň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mohamed Salah üçin ýörite döredilen täze F50 butsy modelini görkezdi. Sport aýakgabynyň daşky görnüşi Gadymy Müsüriň taryhyna we futbolçynyň mirasyna salgylanýar...

14.11.2025 11:39
6.4k+

Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar...

28.10.2025 06:57
3.4k+

Adidas we Farrell Uilliams meduzadan ylham alan sport aýakgaplaryny çykardylar

Adidas Originals brendi amerikaly aýdymçy Farrell Uilliams bilen bilelikde täze Virginia Adistar Jellyfish atly sport aýakgaplarynyň görnüşini çykardy diýip, WWD habar berýär. Täze model 2005-nji ýylda çykarylan Adistar Cushion 3 ylgaw aýakgaplarynyň esasynda döredilipdir...