Android bilen ChromeOS smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin bir OS-a birleşdiriler

  • 18.07.2025 06:46
  • 1.8k+

Google kompaniýasy Android we ChromeOS ulgamlarynyň esasynda bir umumy operasion ulgamyň işlenip taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady. Maglumaty Android ekoulgamynyň prezidenti Samir Samat tassyklady.

Ulgamlary birleşdirmek boýunça işler eýýäm birnäçe ýyl bäri alnyp barylýar. 2024-nji ýylyň iýun aýynda kompaniýa ChromeOS-y Android komponentlerine geçirip başlady. Platformalaryň ikisi-de Linux ýadrosyna esaslanýar, bu hem birleşdirmek işini ýeňilleşdirýär. Android 16 daşarky monitorlaryň we penjire interfeýsiniň goldawy bilen desktop režimine eýe boldy. Bu Samsung DeX tehnologiýasyna meňzeşdir.
Chromebook-da eýýäm uly ekranlar üçin adaptirlenen Android programmalary işleýär. Täze ekoulgam inženerleri dürli platformalar üçin funksiýalary döretmek zerurlygyndan dyndarar. Şeýle-de, ol Google-yň Apple bilen bäsdeşlikde planşet bazaryndaky ornuny güýçlendirer.
Birleşdirmek smartfonlarda, planşetlerde we noutbuklarda bir ulanyjy tejribesini döreder. Chromebook Android programmalarynyň doly ýygyndysyna elýeterli bolar, smartfon ulanyjylary bolsa adaty interfeýs bilen islendik gurluşlarda işläp biler.
Şeýle-de, bir umumy platforma çykdajylary azaldyp, programmalaryň çykmagyny tizleşdirer. 2025-nji ýylda täze Chromebook-laryň çykyş depgini haýallady, bu geçişe taýýarlygy görkezip biler.
Häzir Google ChromeOS-yň deregine desktop Android-iň esasynda Pixel Laptop-yň prototipini synagdan geçirýär. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....