“Lilo we Stiç” 2025-nji ýylyň 1 mlrd kassa ýygymyna ýeten ilkinji golliwud filmi boldy

  • 18.07.2025 19:22
  • 4.1k+

“Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki dünýä prokatynda 1 mlrd dollar ýygnap, 2025-nji ýylda şeýle netijä ýeten ilkinji golliwud filmi boldy.

Variety neşiriniň habar bermegine görä, film Demirgazyk Amerikada 416 mln dollar we halkara bazarlarynda 584 mln dollar gazandy.
Kassa ýygymy boýunça ýylyň öňdebaryjysy “Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär” (Нэчжа побеждает Царя драконов) hytaý filmi boldy. Ol 1,899 mlrd dollar gazandy.
Remeýkiň sýužeti gawaýili gyz bilen başga planetadan gelen jandaryň dostlugy barada gürrüň berýär.
Taslamanyň režissýory hökmünde Din Fleýşer-Kemp (“Marsel, aýakgapdaky balykgulak”) çykyş etdi.
Tankytçylaryň filme bolan garaýşy garyşyk boldy: Rotten Tomatoes saýtynda film 71% oňyn ses, Metacritic-de 100-den 53 bal aldy.
Film 22-nji iýulda onlaýn görnüşde çykar.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......