“Emmi-2025” baýragyna dalaşgärler yglan edildi

  • 17.07.2025 17:34
  • 2.8k+

77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylda baýraga dalaşgärleri yglan etdi. Bu barada Variety habar berýär.

Iň köp nominasiýany “Bölünişik” (Разделение, 27) we “Kinostudiýa” (23) seriallary aldy. Taslamanyň ikisi-de Apple TV+ akym hyzmatynda çykdy. “Ak lotos” (Белый лотос) serialy hem 23 nominasiýa eýe boldy. Şeýle-de, öňdebaryjylaryň hatarynda “Bizden biri” (The Last of Us, 16 nominasiýa), “Hile” (Хитрости, 14), “Ýetginjeklik döwri” (Переходный возраст, 13) we “Aýy” (Медведь, 13) bar.
Associated Press  nominasiýalaryň umumy sany boýunça HBO Max akym hyzmatynyň öňdebaryjydygyny belleýär. Onda çykan taslamalar dürli kategoriýalarda jemi 142 gezek dalaşgär görkezildi. Ikinji orunda Netflix (120), üçünji orunda Apple TV+ (79) gelýär.

  • “Iň gowy drama serialy” baýragy üçin “Andor”, “Diplomat”, “Bizden biri”, “Jennet”, “Pitt hassahanasy”, “Bölünişik”, “Haýal atlar” we “Ak lotos” bäsleşer.
  • “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda “Ebbot” başlangyç mekdebi”, “Aýy”, “Hile”, “Hiç kim muny islänok”, “Bir binadaky ölüm”, “Terapiýa”, “Kinostudiýa”, “Kölegede näme işleýäris” görkezildi.
  • “Drama serialynda iň gowy aktýor” kategoriýasynda “Emmi” üçin Sterling K. Braun (“Jennet”), Geri Oldman (“Haýal atlar”), Pedro Paskal (“Bizden biri”), Adam Skott (“Bölünişik”), Noa Uaýli (“Pitt hassahanasy”) dalaş edýär.
  • “Drama serialynda iň gowy aktrisa” kategoriýasynda Keti Beýts (“Metlok”), Şeron Horgan (“Uýalar Garwileriň dildüwşügi”), Britt Lauer (“Bölünişik”), Bella Remzi (“Bizden biri”), Keri Rassell (“Diplomat”) görkezildi.
  • “Iň gowy mini-serial ýa-da antologiýa” kategoriýasynda dalaşgärleriň arasynda “Ýetginjeklik döwri”, “Gara aýna”, “Nägehanlar: doganlar Menendesiň hekaýaty” we “Pingwin” ýaly seriallar hödürlenýär.

Dalaşgärleriň doly sanawyny şu ýerde görüp bilersiňiz. 


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......