Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer

  • 19.07.2025 06:28
  • 3k+

Mersedes-Benz kompaniýasy Microsoft Teams-iň üsti bilen awtoulagy togtatmazdan, wideo jaňlary etmäge mümkinçilik berýän funksiýanyň girizilendigini habar berdi. Bu täzelik nemes awtoulag öndürijisini ulag hereketdekä wideo jaňlary etmek üçin oturdylan kamera bilen ilkinji bolup üpjün edýän öndürijä öwürýär.

Täze mümkinçilik ilki bilen MB.OS operasiýa ulgamynda CLA modelinde peýda bolar, şondan soň brendiň beýleki ulaglaryna hem geçer.
Wideo jaňlar wagtynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin sürüjä diňe öz suratyny ýaýratmaga rugsat berilýär. Tanyşdyryşlary, ekranlary we beýleki wizual materiallary görmek petiklener. Emma, wideo çagyryşa gatnaşyjylar sürüjini we awtoulagyň içini görüp bilerler.
Şeýle hem Mercedes-Benz Microsoft bilen bilelikde Microsoft 365 Copilot ofis kömekçisini birleşdirmegiň üstünde işleýär. Ulanyjylar sesi bilen wezipeleri dolandyryp, elektron hatlaryň gysgaça maglumatyny döredip we senenama bilen işläp bilerler. Kompaniýa awtoulagy “üçünji iş meýdanyna” öwürmegi göz öňünde tutýar.


20.06.2026 12:20
3.7k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....