Hytaýly hünärmenler HNGU-da Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça Türkmenistana iş saparyny amala aşyrdylar

  • 18.07.2025 06:21
  • 5.1k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Lu Ban ussahanasynyň işini ýola goýmak we ugurdaş ýokary okuw mekdepleri hökmünde özara tejribe alyşmak üçin Türkmenistana iş sapary bilen geldiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, iş saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen professorlar bir hepde uniwersitetiň ýaş mugallymlary üçin informatika we amaly geologiýa ugurlary boýunça täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlaryny geçerler.
Belläp geçsek, 
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Lu Ban ussahanasyny döretmek maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...