Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

  • 18.07.2025 10:37
  • 4.3k+

Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi.

Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi.
Şulgan-Taş Gündogar Ýewropadaky ýokarky paleolit döwrüniň gowak suratlary ýadygärlikleriniň iň uly we has gowy saklanyp galan  ýeridir. Gowakda mamontyň, kerkiň, bizonyň, atyň, düýäniň şekilleri, şeýle hem antropomorf şekilleriň we geometrik nyşanlaryň 20 600 – 16 500 ýyl mundan ozal döredilen nusgalary bar. Suratlar gyzyl ohra boýagy bilen, kä ýerleri kömür goşmak bilen ýerine ýetirilipdir.

Muzeý goraghanasynyň resmi web sahypasy dalaşgärlik resminamasyny taýýarlanda Halkara ýadygärlikleri gorap saklamak geňeşiniň (ICOMOS) teklipleriniň nazara alnandygyny habar berdi. Teklibi goldaýan ýurtlaryň wekilleri obýektiň özboluşlylygyny bellediler.
Taslamanyň netijesinde sebitde özbaşdak gözegçilik ulgamy ornaşdyryldy, syýahatçylyk ugurlary täzelendi we etrap merkezinden gowaga çenli asfalt ýol düşeldi. Netijede, ýakyn obalar gaz, ýokary tizlikli internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny aldy, muzeý goraghanasy 50-den gowrak ýerli ýaşaýjyny iş bilen üpjün etdi.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

29.05.2026 15:22
9.5k+

Sankt-Peterburgda meýletinçiler 27 müňden gowrak gurlawugy we gurbagany ýoldan geçirdiler

Sankt-Peterburgda "Amfibiýalara ýol beriň!" kampaniýasy geçirildi, onuň dowamynda meýletinçiler möwsümleýin göçýän döwürlerinde 27 289 gurlawuga we gurbaga gatnawly awtoulag ýolundan geçmäge kömek etdiler. Bu......

28.05.2026 12:25
1.8k+

Aýwazowskiniň "Dokuzynjy gom" eseri ilkinji gezek doly restawrasiýadan geçiriler  

Iwan Aýwazowskiniň Rus muzeýiniň ýygyndysyndaky meşhur "Dokuzynjy gom" kartinasy ilkinji gezek doly restawrasiýa ediler diýip, muzeýiň metbugat gullugy habar berdi....

25.05.2026 17:12
6.6k+

Russiýaly paraalpinist Nabiýew Eweresti elleri bilen boýun egdiren dünýäde ilkinji adam boldy

Ufaly (RF) paraalpinist Rustam Nabiýew Ewereste diňe elleri bilen dyrmaşyp çykan dünýäde ilkinji adam boldy. Ol 20-nji maýda Nepal wagty bilen sagat 8:16-da çür depä ýetdi....