Toksuz ýagty saçýan ýanýoda örtüginiň täze düzümi döredildi

  • 18.07.2025 12:15
  • 6.1k+

Gije pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin luminoforly örtükler - ýagtylyk ýygnanandan soň ýagty saçýan maddalar has köp ulanylýar. Şeýle örtükler welosiped ýollarynda, awtoulag duralgalarynda we pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynda ulanylýar. Olaryň zeýkeşe mahsus  aýratynlyklary bar, howuzlaryň we buzlaryň emele gelmeginiň öňüni alýar, şeýle hem çyglylygyň ýere ýa-da zeýkeş ulgamyna geçmegine mümkinçilik berýär.

Örtügiň esasyny çagyl, poliuretan şepbik, lýuminoforlar we emallar düzýär. Emma komponentleriň nädogry utgaşdyrylmagy onuň jaýryk atmagyna, solmagyna ýa-da ýagty saçmazlygyna sebäp bolup biler.
Russiýanyň Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNRPU) alymlary şeýle ýagty saçýan ýanýoda örtükleri üçin täze düzüm döretdiler. Işläp taýýarlama, adaty üç ýyla derek hyzmat ediş möhletini bäş ýyla çenli artdyrýar.
Hünärmenler çalt guraýjy emal bilen örtülen 3-10 mm-lik fraksiýaly derýa çagyllaryny ulanyp, dürli düzümleri synagdan geçirdiler. Boýag laboratoriýa mikserinde garyldy we GOST 19007-ä laýyklykda guraýyş wagty 15-40 minut boldy.
5-nji düzüme 1 kg çagyl, 50 g emal we 2,2 g luminofor girýär. Ol komponentleriň 1,7 esse gowy ýelmeşmegini, howa şertlerine durnukly bolmagyny we çydamlylygy üpjün edýär. Örtük pyýada we welosiped ýollary üçin amatly bolup, howpsuzlygy hem-de rahatlygy ýokarlandyrýar.
Geljekde alymlar köpçülikleýin ulanmak üçin düzümi optimizirlemegi meýilleşdirýärler.
“Prioritet 2030” maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylan işläp taýýarlama “Gurluşykda häzirki ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar” atly halkara ylmy we amaly konferensiýanyň hasabatlar ýygyndysynda çap edildi.


düýn 11:15
2.1k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......

15.06.2026 08:07
1.4k+

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT-ä çatdy

Visa öz töleg ulgamyny ChatGPT bilen utgaşdyrdy. Bu bolsa çat-bota ulanyjylaryň adyndan özbaşdak haryt saýlamaga we söwda amallaryny resmileşdirmäge mümkinçilik berer....