Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi

  • 18.07.2025 06:48
  • 2.8k+

Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi.

Uçuş “Beýik ýöriş – 7” (Çançžen-7) raketasynyň kömegi bilen Wençan kosmodromyndan amala aşyryldy. Gämi stansiýa ýakynlaşmagyň tizleşdirilen üç sagatlyk shemasy boýunça ýetdi – şeýle çemeleşme üçünji gezek ulanylýar.
Eltilen ýükleriň arasynda gämiden daşary iş üçin iki täze skafandr bar. Olar ekipaž tarapyndan häzir ulanylýandan has ygtybarly bolup, uzak hyzmat edýär. Olaryň her biri dört ýylyň dowamynda açyk kosmosa 20 gezek çykmak üçin niýetlenendir. Öňki kostýumlar üç ýylda 15 gezek çykmaga mümkinçilik berýärdi.
Mundan başga-da, bedeniň we elleriň myşsalary üçin täze trenažýor eltildi. Ol ekipažyň fiziki taýýarlygy üçin doly derejeli türgenleşik zolagyny döretmäge mümkinçilik berdi. Bu myşsanyň gowşamagynyň öňüni almak we Ýere gaýdyp geleniňden soň grawitasiýa uýgunlaşmak üçin zerurdyr.
Şeýle-de, “Týançžou-9” 30 töweregi täze azyk görnüşini getirip, tagamlaryň sanyny 190-a ýetirdi. Indi iýmiti gaýtalamasyz kabul etmek döwri 7-den 10 güne çenli artdy.
Stansiýa biologiýa, lukmançylyk, fizika ýaly ugurlarda 23 ylmy tejribäni geçirmek üçin materiallar we enjamlar hem getirildi.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....