Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi

  • 18.07.2025 23:58
  • 10k+

16-njy iýulda Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda Sundhnukur wulkany atyldy. Bu ýarym adada ozal 800 ýyllap ýatan wulkanlaryň 2021-nji ýyldan bäri 12-nji atylyşy boldy. 

Ýokaryk böwsülip çykan lawa uly jaýrygy emele getirip, üç inedördül kilometrden gowrak ýere akdy. Bu gezek birnäçe sagadyň dowamynda täze jaýryklar peýda boldy. Esasy jaýryk 2,4 km çenli ulaldy, ululygy boýunça ikinjisi bolsa 500 metre ýetdi.
Wulkan atylmazdan ozal birnäçe ýertitreme boldy. Häkimiýetler ýaşaýjylary we syýahatçylary derrew ewakuasiýa etdi. Zyýan çeken we weýran bolmalar ýok, wulkanyň işjeňligi tiz wagtdan gowşap başlady.
2023-nji ýylda wulkan işjeňligi sebäpli kraterden bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşen Grindawik şäherçesi ewakuasiýa edildi. Şol wagt binalara we ýollara zeper ýetdi.
Ozal dört müň töweregi adamyň ýaşan şäheri öňki durmuşyna gaýdyp gelmedi. Ol baryp görmek üçin ýapyk däl, ýöne asla adamsyz diýen ýaly galdy, diňe käbir ýaşaýjylar öz öýlerine gaýdyp bardy.
Muňa garamazdan, golaýda ýerleşýän “Gök aýlag” dynç alyş zolagy öňküsi ýaly syýahatçylary özüne çekmegini dowam etdirýär.
Bu howply, şol bir wagtyň özünde-de haýran galdyryjy wulkan hadysasynyň suratlaryny tmcars okyjylarynyň dykgatyna hödürleýäris.

Sundhnukur wulkanynyň atylmagy, 2023-nji ýylyň dekabryndan bäri dokuzynjy. 2025-nji ýylyň 16-njy iýuly (Hordur Kristleifsson / Civil Protection Of Iceland / ZUMA Press Wire / Scanpix / LETA)

Grindawikden uzak bolmadyk howa menziliniň golaýyndaky syýahatçylar Sundhnukur wulkanyndan çykýan tüssä we lawa syn edýär. 2025-nji ýylyň 16-njy iýuly (Halldor Kolbeins / AFP / Scanpix / LETA)

Sundhnukuryň öňki, hasap boýunça sekizinji atylyşy. 2025-nji ýylyň 1-nji apreli (Marco di Marco / AP / Scanpix / LETA)

Grindawikden uzak bolmadyk ýerdäki “Gök aýlag” dynç alyş ýeriniň golaýyndaky lawa. 2024-nji ýylyň 21-nji noýabry (Anton Brink / EPA / Scanpix / LETA)

“Gök aýlag” dynç alyş zolagyna barýan ýoldaky lawa. 2021-nji ýylyň 21-nji noýabry (Marco di Marco / AP / Scanpix / LETA)

Syýahatçylar Grindawik sebitinde nobatdaky wulkan atylmasyna syn edýär. 2024-nji ýylyň 22-nji awgusty (Marco di Marco / AP / Scanpix / LETA)

Sundhnukuryň dördünji atylmasy. 2024-nji ýylyň 17-nji marty (Icelandic Coast Guard / Cover Images / Scanpix / LETA)

Grindawikdäki polýar şöhlelenmesiniň fonunda wulkan krateri. 2024-nji ýylyň 6-njy apreli (Marco di Marco / AP / Scanpix / LETA)

Sundhnukur wulkanynyň kraterlerinden akýan lawa. 2024-nji ýylyň 2-nji iýuny (John Moore / Getty Images)

Sundhnukuryň ikinji atylmasy. 2024-nji ýylyň 14-nji ýanwary (Bjorn Steinbekk / AP / Scanpix / LETA)

Grindawigiň töwereginde wulkan işjeňliginiň howa suraty. 2023-nji ýylyň 19-njy dekabry (Marco di Marco / AP / Scanpix / LETA)

Fagradalsfýadldan lawa akymy. 2021-nji ýylyň 13-nji maýy (Miguel Morenatti / AP / Scanpix / LETA)

Fagradalsfýadlyň atylmagy. 2021-nji ýylyň 11-nji maýy (Miguel Morenatti / AP / Scanpix / LETA)


02.06.2026 20:28
7.4k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.2k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......