Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär

  • 18.07.2025 12:10
  • 3.2k+

Amerikaly biologlar sesleriň kabul edilişine jogapkär duýgur öýjükleriň dikeldilmegine gözegçilik edýän genleri tapdylar. Bu adamlarda kerrewligi we kerligi bejermegiň usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler diýip, Stouers lukmançylyk barlag institutynyň (SIMR) metbugat gullugy habar berdi.

Barlag zebra balygynyň işbillerinde geçirildi. Bu balyklarda suwdaky yrgyldylary kesgitlemäge kömek edýän gapdal çyzyk diýilýän duýgur organ bar. Ol adamlardaky we süýdemdirijilerdäki içki gulak ýaly düwünçejik öýjüklerden ösüp ýetişýär. Alymlar antibiotik ulanyp, balykdaky duýgur öýjükleri ýok etdiler we olaryň dikelişine gözegçilik etdiler.
Gözegçilikler öýjükleriň iki toparynyň täzeleniş prosesine gatnaşýandygyny görkezdi. Olar сcnd2a we ccndx ýaly dürli genleri işjeňleşdirýärler. Olaryň biri öýjük bölünişigine, beýlekisi - eşidiş reseptorlaryna öwrülmegine sebäp bolýar.
Adamlarda tüý öýjükleri diýilýän eşidiş reseptorlary zeper ýetenden soň täzeden döremeýär we eşidişiň ýitmegine sebäp bolýar. Balyklarda, ýerde-suwda ýaşaýanlarda we guşlarda şeýle öýjükler täzeden döräp biler. Alymlar esasy genleri öwrenmek geljekde adamlarda şuňa meňzeş prosesleriň döremegine kömek eder diýip umyt edýärler.


şu gün 08:10
2.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.2k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.1k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......