Coca-Cola ABŞ-da mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalşar

  • 19.07.2025 07:00
  • 6.1k+

Coca-Cola kompaniýasy amerikan bazary üçin öndürýän içgisiniň düzümini üýtgetmäge razy boldy. Bu barada 16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donalt Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda habar berdi.

Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň ýolbaşçylygyna ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalyşmagy teklip edendigini aýtdy.

“Men Coca-Cola bilen Birleşen Ştatlarda koka-kolada HAKYKY çiňrik şekerini ulanmak mümkinçiligini maslahatlaşdym we olar muňa razy boldy. Men Coca-Cola-nyň ähli ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Bu olar tarapyndan örän gowy ädim bolar – ine, görersiňiz. Şeýtseň, has gowy bolar!” – diýip, ol ýazdy.

Şol gün Coca-Cola hem öz saýtynda Prezidentiň üns berijiligine minnetdarlyk bildirdi: “Biz Prezident Trampyň Coca-Cola-nyň meşhur brendi babatynda gyzyklanmasyna haýran galýarys”. Şeýle-de, kompaniýa täze önümler barada giňişleýin maglumatlaryň gijräk hödürlenjekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Reuters bu başlangyjyň saglygy goraýyş ministri Robert F.Kennedi-kiçi tarapyndan öňe sürülýän sagdyn iýmitlenmek ýörelgesini ösdürmek bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Ozal ol amerikalylar tarapyndan şekeriň köp sarp edilmegini tankytlap, azyk önümlerinde emeli goşundylardan we reňkleýjilerden ýüz öwürmäge çagyrdy. Ýakyn wagtda täzelenen berhiz görkezmeleriniň neşir edilmegine garaşylýar.
Trampyň özi “berhiz koka-kolasyny” makul bilýär, onda şekeriň ornuny tutujylar ulanylýar. Ozal habar berlişi ýaly, Trampyň ilkinji prezidentlik möhletinde Ak tamda Prezidentiň iş otagynda bu içgini sargyt etmek üçin ýörite düwme gurnalypdyr.


şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......