3.4k+

NASA we Google Cloud kosmosda astronawtlara kömek etmek üçin EA lukmanyny döredýär

NASA we Google Cloud uzak dowam edýän kosmos missiýalarynda astronawtlara diagnoz goýmakda we bejermekde kömek edip biljek emeli aň ulgamyny synagdan geçirýär. Ulgam “Ekipaž lukmanynyň sanly kömekçisi” (CMO-DA) adyny aldy we Aýa gaýdyp barmak boýunça “Artemid” missiýasyndan başlap, ekipažly uçuşlara taýýarlygyň çäklerinde döredildi...

23k+

Kriştianu Ronaldu "Altyn topy" ýalan diýip atlandyrdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol klubunyň portagaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu «Altyn top» baýragyny guramaçylaryň adalatlylygyna şübhelenýändigini aýtdy. «Meniň üçin bu galp», – diýip, futbolçy şu ýyl baýrak üçin iň esasy dalaşgärler barada berlen soraga jogap berdi...

32k+

Barsam, Käbäni görsem...

Käbe - ýer ýüzünde ybadat etmek üçin gurlan ilkinji metjit. Ony ilkinji bolup Adam (a.s.), Nuhuň (a.s.) tupanyndan soňra bolsa, Ybraýym (a.s.) ogly Ysmaýyl (a.s.) bilen bina edipdirler. Allatagalanyň emri bilen Ybraýym (a...

6.5k+

2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalar kabul edilip başlandy

2026-2027-nji okuw ýyllary üçin Chevening talyp hakly maksatnamalaryna arzalaryň kabul edişligi başlandygy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär. Chevening — bu Beýik Britaniýanyň hökümetiniň abraýly halkara talyp hakly maksatnamasy bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinden zehinli geljekki liderlere doly tölenilýän talyp haky mümkinçilikleri hödürleýär...

9.2k+

Paleontologlar deňiz süýrenijileriniň näbelli görnüşini tapdylar. Onuň gaňňyly baryp 1978-nji ýylda tapylypdy

Paleontologlar irki ýura döwründe, takmynan, 183 million ýyl ozal ýaşap geçen plesiozawrlaryň - deňiz ýaşşerleriniň täze görnüşini tapdylar. Olaryň gaňňyllary 1978-nji ýylda Germaniýanyň Holsmaden känindäki Posidoniýa slanesinde tapylypdy, ýöne haýwanyň özboluşly aýratynlyklaryny jikme-jik öwrenmek ýaňy-ýakynda geçirildi...

12k+

Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 smartfonyny hödürledi – bu Galaxy A1X hatarynyň ýedinji neslinde ilkinji we 2025-nji ýylda brendiň iň elýeterli smartfony boldy. Dünýä bazarynda modeliň satuwy eýýäm başlandy. Galaxy A17 smartfony 5-nm tehprosesi boýunça döredilen Exynos 1330 prosessoryna eýe boldy, bu Mediatek Helio G99 çipli geçen ýylky Galaxy A16 bilen deňeşdirilende kämilleşmedir...

15k+

Altynyň bahasy taryhy rekordyny täzeledi

Altynyň dekabrdaky fýuçersleriniň bahasy bir troý unsiýasy üçin rekord 3534,1 dollara galdy. Muňa Investing.com portalynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen 18:40-daky ýagdaýa görä, bahalar 1% ýokarlanyp, bir unsiýasy üçin 3488 dollar boldy...

6.4k+

Serdar Berdimuhamedow Karol Nawroskini Polşanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karol Nawroskä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Polşanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...

1.9k+

OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi. “Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär...

13k+

France Football 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleri yglan etdi

France Football fransuz žurnaly 2025-nji ýylyň “Altyn top” baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu barada baýragyň X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berilýär. 2024/25 möwsüminiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga 30 futbolçy dalaş edýär, olaryň arasynda dokuz oýunçy Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” klubundan...

3.8k+

“Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi çykdy

Netflix “Uensdeý” serialynyň dowamyny hödürledi. Serialyň premýerasy iki bölege bölündi. Birinjisi, ýagny dört bölüm eýýäm elýeterli boldy, ikinjisi bolsa 3-nji sentýabrda çykar. Ikinji möwsümiň sýužeti “Newermor” akademiýasynyň garaňky syrlaryny öwrenmäge bagyşlanýar...

6k+

Nissan ýedi zawodyny ýapýar, 20 müňden gowrak işgär işden çykarylyp bilner

Nissan Motor kompaniýasy Montini-Le-Bretonnýodaky (Fransiýa) sebit ofisiniň kärdeşler arkalaşygy bilen ştaty azaltmak barada gepleşiklere başlady. 560 töweregi adam zähmet çekýän bu ofisde kompaniýanyň Afrikadaky, Ýakyn Gündogardaky, Hindistandaky we Okeaniýadaky işleri hem dolandyrylýar...

2.2k+

ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar. OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy...

2k+

Ledi Gaga MTV VMA – 2025-de 12 baýraga dalaş edýär

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaga MTV Video Music Awards 2025 baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň täze MAYHEM albomy “Iň gowy albom” kategoriýasynda baýrak üçin dalaş edýär diýip, Hypebae neşiri habar berýär...

4.7k+

FT: Bütin dünýäde kenarýakalar çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitýär

ABŞ-dan başlap, Awstraliýa çenli dürli ýurtlarda kenarýakalara eroziýanyň çaltlaşmagy we çäge gorunyň tükenmegi sebäpli ýitmek howpy abanýar. Bu barada Financial Times habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, klimat üýtgemeleri kenarýakalaryň tebigy tozmak prosesini güýçlendirýär...

4.2k+

Britaniýada köne-sana kitaplaryň arasyndan “Hobbitiň” ilkinji nusgasy tapyldy. Ol 43 müň funt sterlinge satyldy

Beýik Britaniýada Jon R.R.Tolkiniň “Hobbit” kitabynyň ilkinji neşiriniň seýrek nusgasy tapyldy. Ol auksionda 43 müň funt sterlinge satyldy. The New York Times-yň habar bermegine görä, tapyndy Bristolyň ýaňy-ýakynda aradan çykan ýaşaýjysynyň emlägine baha berlen wagty seýrek kitaplar boýunça hünärmen Keýtlin Raýli tarapyndan ýüze çykaryldy...

7k+

Galaxy Z Fold 7-ni myžžygy çykýança açyp-ýapdylar

Galaxy Z Fold 7-ni mahabatlandyrmak bilen, Samsung bu eplenýän smartfonyň adaty şertlerde 500 000 gezege çenli açyp-ýapmaga çydamlydygyny aýtdy. Tech IT kanalyndan YouTube blogeri muňa göz ýetirmek kararyna gelip, smartfony 200 müň gezek açyp-ýapmak synagyndan geçirdi...

9k+

Estoniýada artistlere derek ýük ulaglarynyň ýerine ýetirmeginde “Romeo we Julýetta” pýesasy görkezildi

Iýul aýynyň ahyrynda Estoniýadaky taşlanan Rummu hek daşy käninde “Romula ja Julia” pýesasynyň - Uilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” spektaklynyň özboluşly görnüşiniň ilkinji görkezilişi boldy. Onda ähli keşpleri ulaglar - ýük awtoulaglary, awtobuslar, beton garyjylar, ýangyn söndüriji ulaglar we ekskawatorlar ýerine ýetirdi...

6.6k+

Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar

7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär...

2.8k+

OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar...

3.3k+

US Open tennis taryhynda iň sahy ýaryş bolar: baýrak gaznasy - $90 mln

Tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 2025-nji ýylda 90 mln dollara ýeter – bu tennis ýaryşynyň taryhynda täze rekorddyr. Bu barada US Open-iň resmi saýtynda habar berilýär. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikdäki ýaryşlaryň ýeňijileri 5 mln dollar, finalçylar 3,6 mln dollar alar...