Oliweýra Braziliýada geçiriljek UFC ýaryşynda azerbaýjanly Fiziýew bilen söweşer

  • 09.08.2025 08:32
  • 10k+

Ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen azerbaýjanly Rafael Fiziýewiň söweşi 11-nji oktýabrda Rio-de-Žaneýroda geçiriljek promouşeniň söweş agşamynyň esasy wakasy bolar. Bu barada UFC-niň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berildi.

35 ýaşly Oliweýranyň hasabynda 35 ýeňiş we 11 ýeňliş bar, bir söweş hem geçirilmedik diýlip hasaplandy. Ol 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirilen UFC 317-de bolan soňky söweşinde birinji raundda nokaut bilen Iliýa Topuriýadan ýeňlip, ýeňil agramda erkin tituly sypdyrdy.
32 ýaşly Fiziýew MMA-da 17 söweşe gatnaşyp, 13 gezek ýeňdi we dört gezek ýeňildi. Onuň soňky söweşi 21-nji iýunda Bakuwdaky UFC on ABC 8 ýaryşynda boldy. Bu ýerde ol agşamyň esasy söweşinde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde çilili Ignasio Baamondesi ýeňdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......