Küşt boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy taryhda ilkinji gezek FIDE-niň reýtinginde ilkinji 50-lige girdi

  • 09.08.2025 15:19
  • 9.1k+

Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy ilkinji gezek Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň jemleri boýunça taýýarlanan dünýä reýtinginde 50-lige girdi.

Bu taryhy üstünlik ýygyndymyzyň soňky üç ýylyň dowamynda gazanan uly ösüşiniň netijesidir. 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ýygyndy ortaça reýtingi 1528-e deň bolan öňdebaryjy 10 küştçi bilen 105-nji orunda ýerleşýärdi. 2025-nji ýylyň awgustyna çenli bu görkeziji 2038-e ýetip, ortaça reýting babatda 500 utukdan gowrak öňegidişlik gazanyldy.
Mundan öň, Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň iň gowy netijesi 70-nji orunlaryň töweregidi. Şonuň üçin häzirki 50-nji orun Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň taryhyndaky iň ýokary netijedir.
Dünýä reýtinginiň başyny Hytaýyň ýygyndysy çekýär – olaryň ortaça reýtingi 2484. Ikinji orunda häzirki Olimpiýa çempionlary bolan Hindistanyň ýygyndysy ýerleşýär – 2412. Üçünji orun bolsa Ukrainanyň zenanlar ýygyndysyna degişli– 2383.
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň üstünlik gazanmagyna birnäçe faktor täsir etdi: tälimçileri saýlap almakda has berk çemeleşme, ýaş zehinleri çekmegiň täze usullary, ulgamlaýyn türgenleşikleriň girizilmegi, ýygyndyny düzmekde sport ýörelgelerine eýerilmegi, açyş oýunlaryna aýratyn taýýarlyk we halkara ýaryşlarynda psihologlar bilen işlemek.
Baş tälimçi Şahruh Turaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler topary ýaş zehinleriň ukybyny açmagy başardy. Ýygyndynyň öňdebaryjylary FIDE-niň zenanlar boýunça ussatlary bolan: 15 ýaşly Jahan Rejepowa (şahsy reýtingi 2152) we 19 ýaşly Lale Şöhradowa (2151) boldy.
Zenanlar ýygyndysy üçin möhüm ýaryşlaryň biri hem 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Budapeştde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda gazanylan ýeňiş boldy. Onda topar «C» derejesi boýunça 1-nji orny we umumy hasapda 32-nji ýeri eýeledi. Olimpiada taýýarlygyň çäklerinde Antalýada türgenleşik we okuw ýygnanyşyklary geçirildi, oňa halkara derejesindäki tejribeli tälimçiler, şol sanda ukrainaly grossmeýster Wasilý Iwançuk hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasy bu üstünligi mundan beýläkki ösüşler üçin berk binýat hasaplaýar. Toparyň meýilnamalary halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy, 2026-njy ýylda Samarkantda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna taýýarlyk görmegi we dünýäniň iň gowy 40 toparynyň hataryna girmek üçin göreşmegi öz içine alýar.


03.06.2026 17:49
3.8k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......